BIZ BARADA

BDTU – öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryň biri bolup Belorusiýanyň tokaý, himiki we poligrafiki pudaklaryna degişlidir. Uniwersitet  Hökümiýetiň döwlet Baýragynyň (hil boýunça)  eýesi bolup durýar. Biz döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ilkinji ilkinji bolup milli (СТБ ISO 9001-2009) we nemes (DIN EN ISO 9001-2008) sertifikasyýasynyň sistemasynyň talaplaryna laýyk gelýän menenjmentiň sertifikatyny aldyk.

BDTU  Belorussiýadan , GDÝ  ýurtlaryndan we daşary ýurtlardan iň abraýly, ýokary girdejili, perspektiwaly hünärler boýunça dalaşkärleri kabul etmegi amala aşyrýar:

  • tokaý hojalygy, geoinformasiýa sistemalary, medeni-seýil we dynç alyş bagyň gurluşygy, landşaft dizaýny, syýahatçylyk we tebigatdan peýdalanmak;
  • tokaý toplumynyň enjamlary we abzallary, tokaý inženerçilik işleri, agajy gaýtadan işleýiş we ýelimlenýän materiallaryň  hem plitalaryň  tehnologiýasy,  mebeliň dizaýny we  tehnologiýasy, energoeffektli  tehnologiýasy we energetiki menedžmenti;
  • nebit himiýa sinteziň tehnologiýasy we polimer materiallaryň önümçiligi we gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy, biotehnologiýa we bioekologiýa, lak we boýag materiallaryň, himiki- tokaý we sellýuloza-kagyz önümçiliginiň  tehnologiýasy,  derman serşdeleriniň, efir ýagynyň we parfýumer-kosmetiki önümleriniň tehnologiýasy , senagat we azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň standartizasiýasy we sertifikasiýasy;
  • mineral dökünleriň, inçe organiki däl sinteziň, aýnanyň we keramikanyň, berkidiji we gurluşyk materiallaryň, kompozitli materiallaryň himiki tehnologiýasy, himiki önümçiligiň enjamlary we abzallary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş sistemasy, daşky gurşawyň goragy we senagat ekologiýasy;
  • neşirýat  we çaphana  işleri, çaphana enjamlary we maglumaty gaýtadan işleýiş sistemasy, habar beriş sistemasy we tehnologiýasy;
  • ykdysadyýet, marketing, menedžment, hasaplaýyş, seljeriş, audit we ş.m

BDTU – bu Belarusyň  80 ýyllyk däp-dessury bolan häzirki zaman abraýly we dinamiki ösýän okuw-ylmy-önümçilik  innowasion merkezidir. Uniwersitetiň düzümine 10 sany fakultet, 5  sany kollej, 51 kafedra, 15 sany ylmy-barlag  barlaghanasy, ylmy-barlag we bilim merkezleri, aspirantura, doktorantura girýär.  Professorlaryň-mugallymlaryň düzümi 630 sany mugallymy özünde jemleýär, olaryň 460 gowragynyň  ylmy derejesi we ady bar. Okuw rus we iňlis dillerinde  alnyp barylýar.

Biziň uçurymlarymyz  zähmet bazarynda, şol sanda GDA ýurtlarynda we daşary ýurtlarda, şol sanda ÝB-de olaryň bäsdeşlik ukyplaryny  üpjün edýän  diplomy alýarlar.

Uniwersitet Belarus Respublikasynyň paýtagty bolan Minsk şäheriniň merkezinde ýerleşýär. Biziň uniwersitet şäherçämiz  6 sany häzirki zaman okuw binasyndan, talyplaryň 5 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, şeýle hem sport toplumyndan, 2 stadiondan, sanatoriý-prafilaktoriden, kitaphanadan, dil taýýarlygy merekzinden ybarat.

Biz Sizi öz talyplarymyň hatarynda görmäge örän şat!

BDTU diplomy tassyklanylmazdan (nostrifikasiýasyz) ykrar edilýär.