BDTU – öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryň biri bolup Belorusiýanyň tokaý, himiki we poligrafiki pudaklaryna degişlidir. Uniwersitet  Hökümiýetiň döwlet Baýragynyň (hil boýunça)  eýesi bolup durýar. Biz döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ilkinji ilkinji bolup milli (СТБ ISO 9001-2009) we nemes (DIN EN ISO 9001-2008) sertifikasyýasynyň sistemasynyň talaplaryna laýyk gelýän menenjmentiň sertifikatyny aldyk.

BDTU  Belorussiýadan , GDÝ (СНГ) ýurtlaryndan we daşary ýurtlardan iň abraýly, ýokary girdejili, perspektiwaly hünärler boýunça dalaşkärleri kabul etmegi amala aşyrýar:

  • tokaý hojalygy, geoinformasiýa sistemalary, medeni-seýil we dynç alyş bagyň gurluşygy, landşaft dizaýny, syýahatçylyk we tebigatdan peýdalanmak;
  • tokaý toplumynyň enjamlary we abzallary, tokaý inženerçilik işleri, agajy gaýtadan işleýiş we ýelimlenýän materiallaryň  hem plitalaryň  tehnologiýasy,  mebeliň dizaýny we  tehnologiýasy, energoeffektli  tehnologiýasy we energetiki menedžmenti;
  • nebit himiýa sinteziň tehnologiýasy we polimer materiallaryň önümçiligi we gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy, biotehnologiýa we bioekologiýa, lak we boýag materiallaryň, himiki- tokaý we sellýuloza-kagyz önümçiliginiň  tehnologiýasy,  derman serşdeleriniň, efir ýagynyň we parfýumer-kosmetiki önümleriniň tehnologiýasy , senagat we azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň standartizasiýasy we sertifikasiýasy;
  • mineral dökünleriň, inçe organiki däl sinteziň, aýnanyň we keramikanyň, berkidiji we gurluşyk materiallaryň, kompozitli materiallaryň himiki tehnologiýasy, himiki önümçiligiň enjamlary we abzallary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş sistemasy, daşky gurşawyň goragy we senagat ekologiýasy;
  • neşirýat  we çaphana  işleri, çaphana enjamlary we maglumaty gaýtadan işleýiş sistemasy, habar beriş sistemasy we tehnologiýasy;
  • ykdysadyýet, marketing, menedžment, hasaplaýyş, seljeriş, audit we ş.m.

BDTU  kitapçık